SEIKO EPSON CORPORATION
PROGRAMMA ÜPJÜNÇILIGINIŇ LISENZIÝA ŞERTNAMASY

MÖHÜM! ŞU PROGRAMMA ÜPJÜNÇILIGINIŇ LISENZIÝA ŞERTNAMASYNY SERESAPLY OKAŇ. Kompýuter programma üpjünçiligi önümleri, şriftleri we maglumatlary şol sanda ýazylgy materiallary ("Programma üpjünçiligi") diňe Lisenzirlenen ("siz") SEIKO EPSON CORPORATION ("EPSON") bilen şertleri ylalaşylan şahys tarapyndan şu Şertnamada görkezilişi ýaly gurnalmaly we ulanylmalydyr. Bu Programma üpjünçiligini gurnamak ýa-da ulanmak arkaly, siz bu şertnamadaky düzgün we oňňutlar bilen ylalaşmaga wekilçilik edýärsiňiz. Siz şu programma üpjünçiligini gurnamakdan ýa-da ulanmakdan öň bu şertnamanyň düzgün we oňňutlaryny okamalysyňyz. Eger-de siz şertnamanyň düzgün we oňňutlary bilen razy bolmasaňyz, size bu Programma üpjinçiligini ulanyş rugsat berilmeýär.

1. Lisenziýa. EPSON we onuň öndürijileri size Programma üpjinçiligini islendik kompýuter ýa-da kompýuterleri göniden göni ýa-da ulgam arkaly gurnamaga we ulanmaga aýratynlygy bolmadyk, hususy we sublisenzirlenmeýän çäklendirilen lisenziýany peşgeş berýär. Siz ulgama bagly başga kompýuter ulanyjylaryna Programma üpjünçiligini, (a) şeýle ulanyjylaryň Şertnamanyň oňňut we düzgünleri bilen razylygyna, (b) şeýle ulanyjylaryň Programma üpjünçiligini diňe bölegi bolup durýan ulgamlaryna birikdirilen kompýuterlerde ulanýandygyna, (ç) we bütin EPSON we onuň öndirijilerini zeperlere, ýitgilere, harajatlara, çykdajylara we bergilere garşy ätiýaçlykda tutjakdyklaryna kepil bolsaňyz ulanmaga rugsat berip bilersiňiz. Siz programma üpjünçiligini zerur ätiýaç we arhiw maksatly, ätiýäçlyk kopiýasynyň awtorlyk hukugyny dogurmajagyna kepil bolup göçürip bilersiňiz. "Programma üpjünçiligi" termini size EPSON we onuň öndirijileri tarapyndan berilen lisenziýaly programma üpjünçiligi kysymlaryny, metbugaty, siziň tarapyňyzdan edilen ähli göçürmeleri we täzelemeleri, üýtgedilen wersiýalary, goşundylary we göçürmeleri öz içine alýar. EPSON we onuň öndürijileri şu ýerde peşgeş berilmedik hukuklardan ätiýaçlandyrylandyr.

2.Beýleki hukuk we çäklendirmeler. Siz programma üpjinçiligini üýtgetmezlige, uýgunlaşdyrmazlyga we terjime etmezlige ylalaşýarsyňyz. Siz şeýle hem programma üpjinçiliginiň gelip çykyş şifrini anyklamaga synanyşmazlyga we sökmezlige ylalaşýarsyňyz. Siz programma üpjinçiligini paýlaşmaly däl, kärendesine bermeli däl, sublisenzirlemeli däl we satmaly dälsiňiz. Emma siz öz hemme hukugyňyzy Programma üpjünçiligini ulanmagy üçin başga bir şahsa ýa-da hukuky bir ýüze şu Şertnamany, programma üpjünçiligini şol sanda hemme kopiýalary, täzelemeleri, we öňki wersiýalary şeýle şahysa kopiýalary şeýle hem kompýuterdaky kopiýalary saklap galman berip bilersiňiz. Ýöne käbir ýagdaýlar we ýurisdiksiýalar Programma üpjünçiliginiň geçirilmeginiň çäklendirilmegine ýa-da gadagan edilmegine rugsat bermeýäler, şonuň üçin ýokardaky çäklendirmeler size degişli bolman biler.

3.Eýeçilik. Atlandyrma, eýeçilik hukugy, intellektual emläk hukugy Programma üpjinçiliginiň içinde we Programma üpjünçiligine we islendik göçürmeler EPSON bilen ýa-da onuň öndirijileri bilen galýar. Size Programma üpjinçiliginiň hiç hili atlandyrmasy ýa-da eýeçiligi geçmeýär, we şu Lisenziýa Programma üpjünçiliginiň hukugynyň satylyňşy hökmünde garalmaly däldir. Programma üpjinçiligi Ýapon Awtorlyk hukuk kanuny we halkara döredijilik hukugy şertnamalary tarapyndan beýleki intellektual emläk we kanun şertnamalary ýaly goralýar. Şu Şertnamada hak berilmedik bolsa, siz şu Programma üpjünçiligini gäçürmeli däl. Siz şeýle hem Programma üpjünçiliginiň islendik göçürmesinde awtorlyk hukugyny özgertmezlik we aýyrmazlyk bilen ylalaşýarsyňyz.

4. Gorag we howpsyzlyk. Siz Programma üpjünçiligine ygtyýarsyz şahsyýetleriň ygtyýarynyň bolmazlygy, we Programma üpjünçiliginiň ygtyýarsyz göçürmeleriniň edilmegini, neşir edilmegini we ýaýradylmagyny gorap saklamak üçin iň gowy tagalla bilen ulanmaga razylyk berýärsiňiz. Siz Programma üpjünçiliginde EPSON-a we onuň öndürijilerine zyýan ýetririp biljek gymmatly, gizlin maglumatyň we söwda syrlarynyň saklanýandygyny we size gymmatly maglumatlary we söwda syrlarynyň ynanylýandygyny tassyklaýarsyňyz.

5. Çäklendirilen kepillik. Haçanda Programma üpjünçiligini metbugat arkaly EPSON-dan ýa-da dilerden alan ýagdaýyňyzda, EPSON Programma üpjünçiliginiň ýazylan metbugatyň kemsiz işlejekdigine we materiýallara, gowşurulandan soňra 90 gün möhletli kepillik berýär. Eger-de metbugat size gowuşanyndan soňra 90 gün içinde EPSON-a ýa-da satyn alan dileriňize gaýtaryp berseňiz, EPSON derňew geçireninden soňra enjamyň näsazlygyny anyklasa we enjam ýalňyş we zorlukly ýagdaýda ulanylmadyk bolsa EPSON-a Programma üpjünçiligi hemme göçürmeleri bilen bilelikde gaýtarylyp berilende, EPSON size enjamy täzeläp berýär. HEMME GÖZ ÖŇÜNDE TUTULÝAN METBUGAT KEPILLIKLERI, ŞOL SANDA ÝÖRITE BIR MAKSAT ÜÇIN BERILEN KEPILLIKLER ÝOKARDA GÖRKEZILEN MÖHLET BILEN ÇÄKLENDIRILÝÄRLER.

Metbugatdaky göz öňünde tutulýan kepillik, şol sanda belli bir sagdyn maksatly ulanylyş kepilligi ýokarda görkezilen wagt bilen çäklendirilýär. PROGRAMMA ÜPJÜNÇILIGI "BOLŞY ÝALY" BERILÝÄR WE KEPILLIGIŇ HIÇ BIR GÖRNÜŞI BERILMEÝÄR. EPSON WE ONUŇ ÖNDÜRIJILERI SIZIŇ EDINJEK ÖNDIRIJILIGIŇIZE ÝA-DA NETIJELERIŇIZE KEPILLIK GEÇMEÝÄR WE GEÇIP BILMEÝÄR. ÝOKARKY ÝAGDAÝ ÝEKETÄK WE AÝRATYN EPSON-YŇ WE ONUŇ ÖNDÜRIJISINIŇ KEPILLIGINIŇ DÜZGÜNINI BOZÝAR. ÝOKARKY ÇÄKLENDIRILEN KEPILLIKDEN DAŞARY, EPSON WE ONUŇ ÖNDÜRIJILERI ÝÖRITE MAKSATLAR ÜÇIN NIÝETLENEN, BELLI ÝA-DA PIKIR EDILÝÄN HAKLARYŇ KADALANYŞYGY ÜÇIN ÝARAMLY KEPILLIK BERMEÝÄRLER. Käbir ýagdaýlar we ýurisdiksiýalar many berilýän kepillikleriň hasapdan çykarylmagyna ýa-da çäklendirilmeleriň wagtynyň näçe wagt dowam etmegini kesgitlemäge rugsat bermeýärler, şonuň üçin ýokarky çäklendirmeler size degişli bolman biler. Şu kepillik size aýratyn kanuny hukuk berýär. Siz ýagdaýdan ýagdaýa ýa-da ýurisdiksiýadan ýurisdiksiýa üýtgäp bilýän başga hukuklara eýe bolmagyňyz mümkin.

EPSON ÝA-DA ONUŇ ÖNDIRIJILERI HIÇ HILI ÝAGDAÝDA YLALAŞYK BOÝUNÇA, RAÝATLYK ÝALŇYŞLYGY, PES JOGAPKÄRÇILIK ÝA-DA BERILEN KEPILLIŇ KADA KANUNYNY BOZMAKLYK SEBÄPLI GÖNIDEN GÖNI ÝA-DA BAŞGA SEBÄPLERDEN EMELE GELEN ÇYKDAJYLARA WE ZYÝANLARA EPSON WE ONUŇ ÖNDÜRIJILERI ÝA-DA WEKILLERINIŇ HABARY BOLAN ÝADAÝDA-DA JOGAPKÄRÇILIK ÇEKMEÝÄRLER WE JOGAP BERMEÝÄRLER. Käbir ýagdaýlar ýa-da ýurisdiksiýalar, hadysalaryň hasapdan çykarylmagyna ýa-da çäklendirilmeklerine rugsat bermeýärler, şonuň üçin ýokardaky çäklendirmeler size degişli bolman biler.

6. Soňlandyrma. Hiç hili başga hukuga öňpikir bermän, siz bu ýagdaýlara uýmasaňyz EPSON bu Şertnamany awtomatik usully soňlandyrmak hukuguna eýedir. Siz hem islendik wagtda bu Şertnamany Programma üpjünçiligini ýok etmek ýa-da pozmak arkaly ýatyryp bilersiňiz.

7. Eksport çäklendirmesi. Siz EPSON-dan alanyňyzda ýa-da ulanyş döwrinde edinen maglumatlaryňyzy we Programma Üpjinçiligini geçirmezlige, eksportirlemezlige we gaýtadan eksportirlemezlige ýa-da Ýapon kanununa, çäklendirmelerine, düzgünlerine, ýurisdiksiýa hukuklaryna garşy ulanmazlyga razylyk berýärsiňiz.

8. Dolandyryş Kanuny we Umumy Üpjünçilik. Şu Şertnama Ýapon hukugy boýunça garşy gelmeksizin dolandyrylmalydyr. Şu Şertnama Programma üpjünçiligine sylag goýýan taraplar, we satyn alyş sargytynyň, aragatnaşygyň we reklamanyň umumy ylalaşygydyr. Şu Şertanama taraplaryň mirasçylarynyň bähbidi üçin, olaryň jogapkärçiligi üçin hukuky wekilçilik berýär. Eger-de şu ýerde beýan edilen islendik ýagdaýlar ýöregsiz kabul edilse, bu ýagdaý Şertnamanyň beýleki şertleriniň güýjüne täsir etmeýär. Şu Şertnama ygtyýarlandyrylan EPSON ofiseriniň golýazmasy arkaly üýtgedilip biler.

9. ABŞ Hökümetiniň Soňlaýjy Ulanyjylary. Eger-de siz Programma üpjünçiligini ABŞ hökümetiniň-niň islendik dolandyryş edarasyndan edinen bolsaňyz, size bu şertler dahylly bolýar. Hökümet ylalaşýar: (i) Eger-de Programma üpjünçiligi Goranmak Ministrligine (DoD) berilýän bolsa, Programma üpjünçiligi "Söwda Programma Üpjünçiligi" hökmünde seredilýär, we Hökümet diňe "Çäklendirilen hakly" Prtogramma üpjünçiligini we resminamalary edinýär, punkt 252.227-7013(c)(1) of the DFARS termininde görkezilişi ýaly; we (ii) Eger-de Programma üpjünçiligi ABŞ Hükümetiniň Goranmak Ministrliginden (DoD) daşary departamenta berilýän bolsa hökümetiň Programma üpjünçiligi hukugy 52.227-19(c)(2) FAR bölüminde görkezilen ýaly, NASA ýagdaýynda punkt 18-52.227-86(d) ýaly bolar.


10. Internet aragatnaşygy. Programma üpjünçiligi siziň kompýuteriňiziň üsti bilen internet arkaly Programma üpjünçiligi hakynda ulanýan ("EPSON Önümleri") bilen baglanyşykly EPSON enjamy, şol sanda, EPSON Önümleri model maglumaty, ýurt/şäher, ýaşaýan ýeriňiz, EPSON önümleriniň ýagdaýy we ş.m. zatlary üýtgedip biler. EPSON şeýle maglumatlaryň elementlaryny sizden habarsyz özgerdip biler. EPSON siziň rugsadyňyz bolmaksyz siz hakda maglumat ýygnamaýar. Ýöne EPSON hususy bolmadyk maglumaty statistiki maksatlar üçin, ýa-da hyzmat şertlerini oňatlaşdyrmak üçin siziň razylygyňyz esasynda internet arkaly EPSON politikasynyň çäginiň içinde EPSON internet adresinde görkezilişi ýaly ulanyp biler.

11.Programma Üpjünçiliginiň wersiýasyny täzelemek. Programma üpjünçiligi internet arkaly EPSON serwerina ýa-da üçinji EPSON tarapyndan ynanylýan serwere Programma üpjünçiliginiň wersiýasyny täzelemek üçin (i) awtomatik usully (ii) ýa-da siziň komegiňiz bilen baglanyp biler. Şu şekilde täzelenen Programma üpjünçiligi Programma üpjünçiligi diýilip hasap edilmeli we hakyky Şertnama esasynda dolandyrylmaly.



EPSON EULA TK 10/30/2009