Bozuklyklary tapmak we düzetmek

Önümi tapyp bolmaýar

Önümiň we ygtyýar nokadynyň (ýa-da simsyz routeriň) çatykdygyny anyklaň.
Eger önümi Ethernet tor ulgamynda ulanýan bolsaňyz, önümiň LAN kabeli arkaly öýjüge dogry baglanylandygyny anyklaň.
Eger ygtyýar nokadynda (ýa-da simsyz routerda) çäklendiriji sazlamalar girizilen bolsa, önümiň MAC ýa-da IP salgysyny ygtyýar nokadynda belgä goýuň. MAC salgysyny önümiň dolandyryş panelinden ýa-da tor ulgamy ýagdaýy sahypasyndan barlaň.
Eger ygtyýar nokadyň (ýa-da simsyz routeriň) hususylygy bölme aýratynlygy çatylan bolsa, ony öçüriň. Giňişleýin maglumat üçin, ygtyýar nokadyň (ýa-da simsyz routeriň) ulanyş kitapçasyna ýüz tutuň.
IP salgynyň dogrydygyny barlaň. Onuň beýlekiler bilen kesişmegi we önümi başga bir tor ulgamy segmentine baglamaga mümkinsizligi ýok edilmelidir.

Önümi tor ulgamyna baglap bolmaýar

Kompýuter bilen ygtyýar nokadyň (ýa-da simsyz routeriň) arasynda arabaglanyşygyň gurulanlygyny barlaň.
Ygtyýar nokadynda ulanylýan SSID-yň (Tor ulgamy ady) saýlanandygyny ýa-da dogry girizilendigini barlaň. Siz ASCII däl belgileri ulanyp bilmersiňiz.
Açarsözi baş we setir harplary tarawutlandyrýandyr. Açarsözüniň dogry girizilendigini barlaň.
Önümi ygtyýar nokadyna golaýlaşdyryň ýa-da ygtyýar nokadyň daşky antennasyny sazlaň.
Beýleki simsyz enjamlaryň döredýän radio tolkunlarynyň päsgelçilikleri simsyz arabaglanyşygy bozup bilerler. Golaýda ýerleşýän beýleki simsyz enjamlaryň işledilmedigini barlaň.